2 Kasım 2014 Pazar

TÜRKMEN MANTISI

Manty


                       

     Hawa, bir ýyl daşarýurtda galanymyz üçin biziñ janymyz manty isledi. Bizem dost
  ýarlarymyzy çagyryp manty bişirmäge karar berdik. Haýal edmän bize gerekli zatlary 
  saýaly



Hamyry üçin:
-        3 stakan un
-        1 ýumurtga
-        2/3 stakan suw (mylaýym bolsa has gowy)
-        ½-1 çaý çemçe duz
Içi üçin:
-        500-600 gr gyýylmys et (ýa-da elde kiçi-kiçi dogralan et)
-        1 uly sogan
-        1 çaý çemçe duz (arzuwa görä gara burç, gyzyl burç)
-        70 ml suw


       Uly gabyn içine suwy, duzy, ýumurtgany goşup elimiz bilen gowuja garyşdyraly. Hamyr gaty ýumsak bolmaly däl sebäbi, ýaýamyzda oklawa ýapyşmagy öñlemeli. Taýýar hamyry men kagyz peçete ölläp ýapýaryn, ony bir paketa salyp ýa-da üstüne tabak goýsanyzda bolar


Hamyr diñlenýänçä uly (garmaga añsat bolar ýaly) gabyñ içine eti, inçe dogralmyş sogany, duzy, burçlary hemmesini basyşdyryp garmaly. Birazdan suwy az-azdan guýup ýenede bir gezek garyşdyrmaly. Indi bükmäge başlabermeliJ Men başardygymdan 2 şekilde bükülmesini size düşündirtmäge synanşşak. 


Hawa, hamyry 2-3 bölege aýyrsak ýaýamamyzda has ansat geler. Bir bölegini inçe boldugyça açanymyzdan soñ olary dörtburçşeklinde kesişdirmeli. 














  Soñra etleri bir doly çaý çemçe ýaklaşygy (dörtburçyn ululygyna, kiçiligine bagly şekilde) goýup iki garşylykly burçlary birleşdirmeli şol şekilde galan iki garşylykly burçlary bir ara getirenimizden soñ suratdaki görünişi ýaly daşynda galan dört sany burçlary ýene bir gerek tegeläp birleşdirmeli. 













     Ikinji bir usul mamamyñ maña çagakam öwretdigi usul, añsadyna ol gelýärdi. 





Bildigimiz dörtburçy saçak ýapyşymyz ýaly mantyny hem büküp bolýar. Gapdallary açylmaz ýaly basyşdyryp gowuja ýapmaly daşyny. Bu aradamantygazanyñ suwuny guýup oda goýulsa gowy bolar. Hemme mantylar bükülenden soñra mantygazany ýag bilen gowuja ýaglamaly (men mesge ulanýaryn) we mantylary bir-birine ýapyşmaz şeklinde ýerleşdirip, gapagyny ýapyp, gaýnar suwuñ üstüne goýmaly. Bişme zamany 40-45 minut. Arzuwa görä ýanyna sarymsakly ýa-da sarymsaksyz gatyk hödürlenebiler. 



Işdäñiz Açyk Bolsun!!!
http://saaynasy.blogspot.com.tr/2012/09/manty.html#more

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder