Baking_Bread_in_Bai_Bazaar,_Dashoguz.
baking bread, Bai Bazaar, Dashoguz, Turkmenistan
TÜRKMEN NAHARLARI
2 Kasım 2014 Pazar
TAMDYR AND CHOREK
İÇİ DOLDURULAN KEDİ

Içi Doldurylan Kädi
07/10/2013




Içi Doldurylan Kädi
4 adamlyk
500 gr sygyr ýa-da goýun eti
1 sogan
1 kelem ýapragy
1 kartoşka
1 käşir
1 pomidor
1 bolgar burçy
3 diş sarymsak
2 nahar çemçesi dogralan ter şibit
2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka
1 çaý çemçesi duz
¼ çaý çemçesi gara burç
¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç
4 nahar çemçesi ösümlik ýagy
4 nahar çemçesi suw
1 kädi (1.5 kg)
1 sogan
1 kelem ýapragy
1 kartoşka
1 käşir
1 pomidor
1 bolgar burçy
3 diş sarymsak
2 nahar çemçesi dogralan ter şibit
2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka
1 çaý çemçesi duz
¼ çaý çemçesi gara burç
¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç
4 nahar çemçesi ösümlik ýagy
4 nahar çemçesi suw
1 kädi (1.5 kg)
1. Eti we gök önümleri dogramaly. Ete duz, gara we gyzyl burç sepmeli.
2. Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzyp başlanda, onuň içine dogralan eti we sogany atmaly. Sajyň gapagyny ýapyp, eti aram-aram bulap, ýumşaýança (20 minut) bişirmeli.
3. Etiň üstüne kelem, kartoşka we käsir atyp, gazanyň gapagyny ýapmaly. Gök önümler ýumşanda, sajyň oduny öçürmeli we etli garyndynyň üstüne galan gök önümleri atyp, suw guýup, gowy garmaly.
4. Kädiniň sapynyň daşyndan togalak kesmeli. Kädiniň çigitlerini aýryp, kädini etli garyndy bilen doldurmaly we gapagyny ýapmaly. (Kädiniň çigidini guradyp, gowrup, çigitläp bilersiňiz).
5. Kädiniň aşagy ýanmaz ýaly, ony iki gat ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli we ojagyň ortaky gatynda goýmaly. Kädini 250°C (482°F) gyzgynlykda 1 sagat töweregi bişirmeli. Soňra kädi öçürilen ojagyň içinde 20 minut durmaly. Kädiniň bişenini bilmek üçin oňa pyçagyň ujuny çümdürip görmeli.
6. Kädi dilimlenip ýa-da onuň löti etli garyndy bilen garylyp, saçaga äberilýär.
Süýtli Aş
Meñ özüm süýdi şeýle içmägi halamasamam; her tüýsli süýji tagamlarda, naharlarda hezil edip iýýän...
Ýöne süýtli aş edip içmän eýsem myhmanlarada hödürlenip bilinäýjek bir lezzet edeýin diýseñiz baş üstüne...
Bize gerekli zatlar:
· 4 suw stakan süýt
· 1 suw stakan şeker
· 2 çorba çemçe pet (krahmal)
· 1/2 suw stakan bürünç
· 1+0.5 stakan suw
· 1 paket wanilin
· 1 ýumurtga sarysy
Taýýarlanyşy:
1. Bürünji ýuwup süzüñ. Bişirjek gabyñyza 1, 1/2 stakan suw bilen gowy ýumuşaýança arada garyşdyryp bişiriñ. Gerek bolsa ýene-de suw guýup bilersiñiz (eger tüwileri gaty görseñiz).
2. Süýdi, şekeri, waniliny başka bir tenjerä goýup gaýnadyñ.
3. Bürünçler ýumşap başlandan soñ süýtli gabyñ içine geçiriñ we garyñ.
4. Krahmal we ýumurtgañ sarysyny az miktarda suw bilen pürüzsüz bolýança dek garyştyryñ. İnce şekilde döküp süýtli garyşyma goşuñ. Bir salym ýene gaýnadykdan soñra ojaktan alyñ.
5. Kiçi käselere ýerleşdirip biraz sowaşyp başlandan soñ sowadyja goýuñ. Bir-iki sagat geçeninden soñ arzuwuñyza görä üstüne hoz, dalçyn (korisiya) sepip bilersiñiz.
Işdäniz açyk bolsun!!!
http://saaynasy.blogspot.com.tr/2012/09/suytli-as.html#more
TÜRKMEN MANTISI
Manty

ýarlarymyzy çagyryp manty bişirmäge karar berdik. Haýal edmän bize gerekli zatlary
saýaly
Hamyry üçin:
- 3 stakan un
- 1 ýumurtga
- 2/3 stakan suw (mylaýym bolsa has gowy)
- ½-1 çaý çemçe duz
Içi üçin:
- 500-600 gr gyýylmys et (ýa-da elde kiçi-kiçi dogralan et)
- 1 uly sogan
- 1 çaý çemçe duz (arzuwa görä gara burç, gyzyl burç)
- 70 ml suw
Uly gabyn içine suwy, duzy, ýumurtgany goşup elimiz bilen gowuja garyşdyraly. Hamyr gaty ýumsak bolmaly däl sebäbi, ýaýamyzda oklawa ýapyşmagy öñlemeli. Taýýar hamyry men kagyz peçete ölläp ýapýaryn, ony bir paketa salyp ýa-da üstüne tabak goýsanyzda bolar.
Hamyr diñlenýänçä uly (garmaga añsat bolar ýaly) gabyñ içine eti, inçe dogralmyş sogany, duzy, burçlary hemmesini basyşdyryp garmaly. Birazdan suwy az-azdan guýup ýenede bir gezek garyşdyrmaly. Indi bükmäge başlabermeliJ Men başardygymdan 2 şekilde bükülmesini size düşündirtmäge synanşşak.
Hawa, hamyry 2-3 bölege aýyrsak ýaýamamyzda has ansat geler. Bir bölegini inçe boldugyça açanymyzdan soñ olary dörtburçşeklinde kesişdirmeli.
Soñra etleri bir doly çaý çemçe ýaklaşygy (dörtburçyn ululygyna, kiçiligine bagly şekilde) goýup iki garşylykly burçlary birleşdirmeli şol şekilde galan iki garşylykly burçlary bir ara getirenimizden soñ suratdaki görünişi ýaly daşynda galan dört sany burçlary ýene bir gerek tegeläp birleşdirmeli.
Ikinji bir usul mamamyñ maña çagakam öwretdigi usul, añsadyna ol gelýärdi.
Bildigimiz dörtburçy saçak ýapyşymyz ýaly mantyny hem büküp bolýar. Gapdallary açylmaz ýaly basyşdyryp gowuja ýapmaly daşyny. Bu aradamantygazanyñ suwuny guýup oda goýulsa gowy bolar. Hemme mantylar bükülenden soñra mantygazany ýag bilen gowuja ýaglamaly (men mesge ulanýaryn) we mantylary bir-birine ýapyşmaz şeklinde ýerleşdirip, gapagyny ýapyp, gaýnar suwuñ üstüne goýmaly. Bişme zamany 40-45 minut. Arzuwa görä ýanyna sarymsakly ýa-da sarymsaksyz gatyk hödürlenebiler.
Işdäñiz Açyk Bolsun!!!
http://saaynasy.blogspot.com.tr/2012/09/manty.html#more
BULAMAK
Bulamak bişirjek bolup otyrys gatan nanlarymyzy ýerlemek üçin. Gerekli zatlar:
1) Suw
2) Mäş
3) Kädi
4) Kartoşka
5) Sogan
6) Gatan türkmen çörek (in sonunda)
Sogany gowuryp, üstüne gaýnag suw guyanymyzdan soň kadi kartoşka we mäşi hem arassalap atyas. Biraz goyalandan soň gowja garyp durmaly düýbüne tutmaz ýaly, Goýulyk derejesini öz islegiňe görä edip, tabaga guýup alybermeli saçaga.
Işdäňiz açyk bolsun!
1) Suw
2) Mäş
3) Kädi
4) Kartoşka
5) Sogan
6) Gatan türkmen çörek (in sonunda)
Sogany gowuryp, üstüne gaýnag suw guyanymyzdan soň kadi kartoşka we mäşi hem arassalap atyas. Biraz goyalandan soň gowja garyp durmaly düýbüne tutmaz ýaly, Goýulyk derejesini öz islegiňe görä edip, tabaga guýup alybermeli saçaga.
Işdäňiz açyk bolsun!
Kaydol:
Kayıtlar (Atom)