2 Kasım 2014 Pazar
ETLİ PETİR SAMSA
Gerekli önümler: 1 kg. un, 2 bulgur suw, 2 çaý çemçesi duz. Üwelen eti taýýarlamak üçin 400 gram et, 300 gram sogan, duz we bur?. Ýönekeý hamyr ýugrup, şar ýaly tegeläp, arassa esgä dolap, 10-12 min. saklamaly. Soňra ony 1 mm. galyňlykda uly ýaýmaly. Hamyryň ähli üstüni iç ýag bilen ýaglap, un aş taýýarlanandaky ýaly tegelemeli. Emele gelen uzyn hamyry 5 sm. uzynlykda kesip, her bir bölegi ýaýmaly. Bölekleriň üstüne bir çemçe üwelen eti goşup, dörtburçlyk ýa-da üçburçlyk somsa bükmeli we tamdyrda ýa-da gazyň höwür pejinde taýýarlamaly. Gazyň höwür pejinde taýýarlanylanda sajy ýaglamaly we somsanyň üstüne ýumurtga ýalmaly. Somsanyň taýýarlygy onuň gyzaranlagy bilen anyklanylýar.
Kaydol:
Kayıt Yorumları (Atom)
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder