2 Kasım 2014 Pazar

pilav çeşitleri toy palaw - gök tuwili palaw - maşli palaw - wermişelden palaw - Palaw hem onuň görnüşleri

Tuwiden taýylanýan naharlaryň arasynda palaw iň saylantsysydyr. Ol, umuman, Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň tehnologiýasy-da dürli-dürli. Palawyň datly bolmagy üçin bişiriliş usulynyň talaplaryny doly berjay etmeli; tuwiniň köne-tazeliginiň ähmiyetleri-de ýatdan cykarmaly däl.
Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, deňiz ýaka raýonlarymyzda ete derek balyk atybam, balykly palaw bişirilýandigini belläp gecmeli. Şoňa görä palaw taýarlamagyň tehnologiyasynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary bir meňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda.


Palaw taýarlamak üçin, ilki bilen, tuwini celtiginden saylap, hapa-hupasyny aýyrmaly. Arassalanan tuwini aýry bir gapda üstüne gaýnan suw guýup goýmaly. Dogramçanyň her birinin agramy 30-40 gr bolar ýaly edip, eti dogramaly we duzlamaly. Gazandaky ýag kemsiz ýanansoň, taýarlanan eti salyp gowurmaly. Eti gyzaryp başlanda, üstüne düýp sogany tegelek görnüşde dograp, dilimlenen käşiri atyp, gowurmagy dowam etdirmeli. Sogan bilen käşir kemsiz ýumşansoň, birazrak gaynan suw guýup, gazanyň gapagyny jebis ýapmaly. Ojagyň oduny peseldip, gazana atylan zatlary öz buguna goýmaly. Biraz wagtdan soňra ody ýene güýçlendirip, hälki suwa salnyp goýlan tuwini gazandaky zatlaryň üstüne endiganja sepip rejelemeli . Üstüne-de gaynag suw guýmaly, ol orta barmagyň birinji bognundan geçmeli däldir. Hemme zady ýetik salnan gazany gaýnatmaly . Tuwi suwuny mazaly çekensoň, ony agdaryşdyryp , pugta basyrmaly . Şeyle ýagdaýda takmynan 25-30 min-dan son tuwini oňat agdarmaly-da, ýene 10-15 min saklamaly . Tuwi basyrylyp goýlanda, gazanyň ody peseldilýar.
Taýýarlamak üçin 1 kg tuwi , hersi 500 gr et bilen käşir , 250 gram ýag ( mesge saryýag . kunji ýagy , çigit ýagy), 2-3 düýp sogan, duz we burç gerek.
Indi palawlaryn aýry - aýry gornüşleri dogrusynda gysgajyk durup geceliň.

Toý Palawy
Toy palawy beýlekilerden känbir parhlanmaýar ol köp mukdarda bişirilýar. Şonuň üçin aşagy köymez ýaly, atyljak başga bir gazanda gowrulýar. Taýýar bolanda palaw tabaklara salnanda, eti dogralyp, üstüne goýulýar.


Gök Tuwili Palaw
Şalynyň birinji hasyly, ýagny gök tuwi elde dowlup taýýarlanýar. Ony gyzgyn ýa-da gyzgyn suwda ezip goýmaly. Suwyny kemsiz alansoň, palaw üçin niýetlenen önümler salnyp gowrulan gazana tuwini rejelap salyşdyrmaly. Gaýnap suwyny çekenden soň, ony buguna goýmaly. 25-30 min-dan ýene agdaryp basyrmaly, oduny söndürmeli

Mäşli Palaw
Bu hem ýokarky usulda bişirilýar. Tapawutly ýeri mäşi arassalap, suwda ýumşadyp goýulýandygydyr. Soňra arassalanan tuwi (700 g) bilen mäşi (300 g) garyşdyryp, bilelikde gazana atmaly.

Wermişelden Palaw
Adaty palaw ýaly bolup, diňe tuwi şol moçberde wermişel atylýar.

Beýili Palaw
Tuwiden oňurti arassalanan 3-4 sany beýi dogralyp, gazana atylýar. Taýyar bolansoň, beýi palawyň ýokarsyna çykarylýar, seýdibem, saçaga äberilýar.

Salgamly Palaw
Onuň taýyarlanyş usuly şeyle: salgam böleklenip salynýar we käşirini eti bilen bilelikde gowrulýar. Galan prosedura adaty palaw bişirilişi ýalydyr.

Towuk Etli Palaw
Bu görnüşli palawyň bişiriliş tehnologiýasy önküler ýaly bolup, dişe mal eti towuk eti bilen çalşylýar.

Saryýagly Palaw
Eti ilki bilen bir gazanda gaýnadyp, ýene bir gapda saryýagy eredip, sogany, eti hem käşiri ýaga salyp, bilelikde gowurmaly. Azajyk suw guýup, tuwini ýumşandan soňra, oduny söndürip, az wagtlap buguna basyryp goýmaly. Ýene-de suw guýup gaýnatmaly. Suwyny çekensoň, basyryp goýmaly. Etini özbaşyna oýkarmaly. Palaw saçaga getiriljek wagty, ýaňky eti maýda dograp, her çanagyň üstüne goýuçdarmaly.
Ýene bir zady ýatda saklamaly: suwy öňki usulda we öňki ölçegde guýmaly: kişmiş (100g), burç, sarymsak ýaly goşmaça tagamlyklary, duruşde gowrulansoň tuwiden öň salmaly.

Kunji Ýagly Palaw
Kunji ýagyny birkemsiz gyzdyrmaly. Ýüzüne çykan köpügi aýyryp, ýagy ta gyzyl renke gelýänçä ýakmaly. Soňra etdir käşirini, soganyny salyp, biraz gowurmyşlamaly. Tuwisini atyp, gaýnadyp, suwyny çekdiren soň, üstüni basyryp goýmaly. Taýyar bolanda ýaz salatyny-da palawyň ýany bilen saçaga äberseň, juda tagamly bolýar.

Guýruk Ýagly Palaw
Bişirilişi adaty palawlar ýaly. Tapawudy böleklere bölünen guýruk ýagy ilki özbaşdak, soňra dogralanan et bilen belikde gowrulýar.

Ýilikli Palaw
Munuň üçin ilki sygyr sünküniň ýiligini almaly (300g). Ýilik ýagyna gowurmyşlanan etin üstüne palawa gerekli önümleri atyp gowurmaly. Soňky prosesler adty palawyňky ýaly.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder