2 Kasım 2014 Pazar

TANDIRLAMALAR Tamdyrlamalar

TANDIRLAMALAR
Tamdyrlamalar




Tamdyrlamalar goýnuň (tokly, guzy), geçiniň (çebiş, owlak),

guşuň (towuk, juýje, gaz, ördek) bitewi etini tamdyrda onuň

öz buguna bişirmek arkaly tayyarlanýar. Gusşyr dowar kiçi

boldugyça, onuň taýyarlanyş möhleti şonça azdyr.



Tokly Tamdyrlamasy
Soýlan toklyny dört bölege bölmeli, onuň etli ýerini dilişdirip,
taýyarlanan durus däni salar ýaly etmeli.Arassalanan sogany,

ukropy, petruşkany, gök sogany maýda dograp, arça hem lawr

ýapragyny aralaşdyryp goýmaly. Etiň dilnen ýerlerine bu garyndyny

dykyşdyrmaly, duzdyr burç sepip, birneme goýmaly. Aýratyn

gazanjyň içine ýaňky durusdäni hem-de artylan kädidir kartoşkany,

noybadyr käşiri, pomidory salmaly. Sazak ýakylyp gyzdyrylan

tamdyryň közüni orta üyşürip, gazanjygy-da közüň üstünde

jaýlaşdyrmaly. Soňra iki sany ýogyn simi tamdyryň agzyna goýup,

dört bölünen tokly etiniň aýaklaryny sim bilen saraşdyryp ýa-da

etden geçirip, şoňa berkitmeli. Etleri salanyňyzdan soň, tamdyryň

hiç ýerinden bug cykmaz, iki ýan deşiklerini makam suwamaly.

Onuň agzyny-da gapak bilen ýapyp oňatja suwamaly. Goçmak

görnüşinde sallanan eti azyndan 75-90 min. tamdyrda saklamaly.

Güýçli bug emele gelmegi netijesinde etiň çorbasy aşak közüň

üstünde goýlan gaba syrygyp, tagamly çorba emele gelýär. Gabyň

içindäki farşlar bolsa akyp bişýär. Şeylelikde, tutuş tamdyrlama

taýyn!
Taýyar bolan tamdyrlamany bölüşdirip mejimlere salmaly.

Onuň gazana syrygan çorbasyny şakäselere guýup, saçaga çekibermeli.

Tamdyrlama täze ýapylan tamdyr çöregi bilen saçaga goýulsa,

naharyň tagamy üýtgeşik bolýar.
Taýyarlamak üçin 1 toklynyň tutuş läşi, 2 kg sogan, 2-3 düýp sarymsak,

500 gr käsir, sogan, ukrop, petruşka, duz, burç, lawr ýapragy we arça

ýapragy gerek.







Owlak tamdyrlamasy
Munuň taýyarlanyşy-da edil tokly tamdyrlamasy ýalydyr. Kem-käs

tapawudy şeyle: birinjiden, owlak tamdyrlamasy bary-ýogy 30-40 min.

dowamynda taýyn bolýar; ikinjiden, ol täzeje bişirilen gatlakly petir

bilen saçaga getirilýär.
Taýyarlamak üçin owlagyň tutuş las, 1 kg-dan sogan, kartoşka, käşir

hem kädi, 200 gr pomidor, 100 gr noyba, hersi 2 bogy ukrop, petruşka,

gök sogan, 3-4 sany lawr ýapragy, 10 gr arça ýapragy, duzdyr burç gerek.

Jüyje Tamdyrlamasy
Soýlup arassalanan jüyjeleriň etini bölekläp duzdyr burç sepmeli

we tokly tamdyrlamasyndaky ýaly taýyarlanan durus danipita salyp

goýmaly. Ýene bir pita ýaňky durucdeden salyp, gyzdyrylan tamdyr

közüniň üstünde ýerleşdirmeli. Soňra soýlan jüyjeleri tamdyryň

ücune sallap, agzyny berk suwamaly. Tamdyrlama 20-30 min-da

taýyar bolýar. Saçaga getirilende, ýany bilen çorbasyny-da aýratyn

gapda äbermeli.
Taýyarlamak üçin 4-8 sany jüyje, 1 kg-dan sogan, kartoşka, käşir,

1-2 bogudan gök sogan, ukrop, petruşka, duzdur burç gerek.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder