Ýönekeý hamyr ýaýyp, şar ýaly togalap, 10-15 min. üstüni arassa esgi bilen örtüp goýmaly. Soňra hamyry ýaýyp, birnaçe gezek ýaglap we togalap, petir hamyr ýugurmaly we galyňlygy 1 sm. bolar ýaly ýaýmaly. Gazany güýçli gyzdyryp, içine ýag sürtmeli we petiri iki tarapy gyzarýança öwürip bişirmeli. Saçaga goýmazdan öň petiriň üstüne üwelen şeker sepmek maslahat berilýär.
Hamyr taýýarlamak üçin-1 kg, un, 2 bulgur suw, 2 çaý çemçesi duz, 1.5 bulgur gaýmak ýa-da ýaglamak üçin 200 gram iç ýag, gowurmak üçin 0.5 bulgur ýag, 2 çemçe şeker
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder