2 Kasım 2014 Pazar

TÜRKMEN TUZ EKMEK

TÜRKMEN TUZ EKMEK

Türkmenlerde Duz-Çörek Däpleri


Ýazan: Belli Däl 

Nowruz 13, 2004. Çörek we duz gadımı wagtlardan bäri Türkmenleriň mukaddes hasaplaýan zatları bolup durýar. Islamdan öň Gurhanıň derejesinde mukaddes saýıp, onuň adı bilen and içilerdi, oňa ulı hormat goýulýardı. Şonuň täsir häli bar. 

Türkmen ırımlarına görä, çöregi ýaýradıp, owradıp iýmek, depelemek, oklamak, gowa alamat hasaplanmaýar. Ýerde ýatan çörek ýa-da ownuklarınıň ýatandıgı görülse, onı alıp 3 gezek ogşap maňlaýıňa degirip, beýigiräk ýerde goýulýar. Saçagıň başında duz-çöregiň hormatı üçin edepli-ekramlı, gırışsız-sögüşsiz oturmak Türkmen ırımlarına görä gowı zatlara ışaratdır. 

Kiçi çagalarıň çep eli bilen çörek-duz, nahar-tagam iýmegine ulılarıň örän gaharı gelýär. Rızkıň sag el bilen iýende köp geljekdigine ınanılýar. Türkmenlerde diňe sag elinden haýır garaşılman, eýsäm beýleki sag organlardan hem gelen biologiki häsiýetler hem haýıra alamat hasaplanılýar. Mısal üçin sag gulagıň çıňlamagı, sag gözüň çekmegi ýa-da sag eliň gijemegi ýalı ýalı ırımlar hakında gowı gürrüň edilýändigi ýa-da begenjekdigiňe, ýa-da bolmasa eliňe pul geçjekdigine alamat saýılýar. Türkmenlerde çep, erbet wakalara alamatdır. Çep el bilen duz iýmek rızkıň azaltjagına, çep gulagıň çıňlasa gıýbatıň edilýändigine, çep gözi çekilse gınanjakdıgıňa, çep eli giýjese çıkdaýıjıň boljakdıgına ırım edilýär. 

Elbetde Türkmenleriň duz-çörek bilen baglı ırımları çäksiz. Bularıň birnäçesini sanap geçeliň: 

a)Çöregi iki elläp döwmeli. Çöregi mukaddes hasaplaýanlar üçin oňa hormat görkezip iki el bilen döwmeli. Bir el bilen döwülse duza hormatsızlık edilendigi sebäpli rızkıň, ırsgalıň azaljagına ınanılýar. 
b)Çöregi oklamalı däl. Çöregi adamdan hem üstün görülýändigi sebäpli, çrek oklansa ulı günä boljakdıgına ınanılýar. Ýerde ýatan çöregi galdırıp 3 gezek ogşamalı.1-nji ogşaýış zaıňanıň günänisiniň geçilmegi üçin, 2-njisi onı group galdırmadıgıň günäsiniň geçilmegi üçin, 3-njisi hem bolsa öz günäsiniň geçilmegi üçindir. 
c)Çöregiň, bela-beterden goraýandıgına ınanılýar. Bir kiçi çaga uklap ýatırka bir özüni goýup daşarı çıkanda baş ujuna çörek goýulýar. Ýola çıkıp barýan adam bela-beterden gorasın diýip çörek berilýär. 

Türkmen saçagı unlı iýmitlere örän baýdır. Bularıň esasıları: bogursak (pişme), gatlama, çelpek, petir, tamdır somsa, mantı, börek, unlı aş wşm. Türkmenler örän mıhmansöýer, päk ýürekli, sada adamlardır. Mıdama gülerýüz bilen mıhman garşılaýarlar.Mıhmanlarıň öňüne herhili hezzet-hormat goýulup, olarıň çäksiz bolmagına, saçakda boş ýer goýmazlıga örän üns berilýär. “Mıhman ırsgalı bilen geler,” diýilişi ýalı, Türkmenler ýolda-ızda gören her tanışına iň bolmanda çaý hödürlemekden gaýtmaýarlar. 

Türkmenler parahatlı döwletde ýaşamagı söýýän halk. “Bir gün gıkılık bolan ýerde, 40 gün ırsgal bolmaz,” diýilişi ýalı, rızkı bereketli, saçagıň bol bolmagı üçin dawa-jenjelsiz ýaşaýan halkdır.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder