Hamyr turşyny we duzy ýyly süýtde eredip, az-azdan un goýmaly-da gaty hamur garmaly we ýyly ýere goýmaly. Gazany boş gyzdyryp, içine iç ýag çalmaly we 2 sm. galuňlykda ýaýylan çöregi pessejik otda üsti guzarýança birmeli-da beýleki tarapyna öwürmeli. Çöregiň içi hem gowy bişer ýaly ony yssy höwür peşçe 5-7 min. saklamaly.
Saçaga goýlanda çöregiň ortasyna mesge ýagyny goýmaly.
Gerekli önümler-1 kg. un, 2 bulgur süýt, 1 çaýçemçesi duz, 30 gram hamyr turuş, 200 gram mesge ýagy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder