2 Kasım 2014 Pazar

Süýtli Aş


    Meñ özüm süýdi şeýle içmägi halamasamam; her tüýsli süýji tagamlarda, naharlarda hezil edip iýýän...
Ýöne süýtli aş edip içmän eýsem myhmanlarada hödürlenip bilinäýjek bir lezzet edeýin diýseñiz baş üstüne...


Bize gerekli zatlar:

·        4 suw stakan süýt
·        1 suw stakan şeker
·        2 çorba çemçe pet (krahmal)
·        1/2 suw stakan bürünç
·        1+0.5 stakan suw
·        1 paket wanilin
·        1 ýumurtga sarysy


Taýýarlanyşy:

1.  Bürünji ýuwup süzüñ. Bişirjek gabyñyza 1, 1/2 stakan suw bilen gowy ýumuşaýança arada garyşdyryp bişiriñ. Gerek bolsa ýene-de suw guýup bilersiñiz (eger tüwileri gaty görseñiz).
2.    Süýdi, şekeri, waniliny başka bir tenjerä goýup gaýnadyñ.
3.  Bürünçler ýumşap başlandan soñ süýtli gabyñ içine geçiriñ we garyñ.
4.  Krahmal we ýumurtgañ sarysyny az miktarda suw bilen pürüzsüz bolýança dek       garyştyryñ. İnce şekilde döküp süýtli garyşyma goşuñ. Bir salym ýene gaýnadykdan soñra ojaktan alyñ.
5.  Kiçi käselere ýerleşdirip biraz sowaşyp başlandan soñ sowadyja goýuñ. Bir-iki sagat geçeninden soñ arzuwuñyza görä üstüne hoz, dalçyn (korisiya) sepip bilersiñiz.

Işdäniz açyk bolsun!!!
http://saaynasy.blogspot.com.tr/2012/09/suytli-as.html#more

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder